Dünýädäki iň garry pişik Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 27.11.2022 11:55
  • 45k+

Britaniýadan Flossi atly pişik dünýäde häzirki wagtda ýaşaýan iň garry pişik diýlip ykrar edildi. Häzir onuň ýaşy 26 ýyl we 316 gün. Bu barada moya-planeta.ru habar berýär.

Flossi 1995-nji ýylda Mersisaýdda doguldy. Ilkibaşda onuň öýi hem ýokdy we ol ýerli hassahananyň golaýyndaky pişikleriň “koloniýasynda” ýaşaýardy. Flossini köçeden bir işçi alýar. Pişik hojaýyny bilen 10 ýyl ýaşaýar, soň hojaýyn aradan çykýar. Onuň aýal dogany Flossini özi bilen alyp gidýär we ol täze hojaýyny bilen 14 ýyl ýaşaýar.
Ahyrynda pişiklere ideg etmek boýunça hünärmen Wiki Griniň eline düşýär we ol Flossiniň ýaşyny takyk kesgitleýär. “Men Flossiniň üýtgeşik pişikdigini ilkibaşdan bilýärdim. Ýöne men öýümi Ginnesiň rekordlar kitabynyň rekord eýesi bilen paýlaşaryn diýip pikir etmändim. Ol, aýratynam, onuň näçe ýaşyndadygyny bilseň, şeýle bir mähirli, oýunçy we eýjejik” – diýip, NDTV Wikiniň sözlerini getirýär.
Häzirki wagtda Flossi eşitmeýär diýen ýaly, onuň görşi hem gowşak. Şeýle-de bolsa, bu onuň özüni alada goýmaýar. Hojaýynyň aýtmagyna görä, onuň işdäsi örän gowy. Wiki Flossiniň taryhynyň adamlar üçin gowy motiwasiýa boljakdygyna we olaryň garry pişikleri ýygy-ýygydan özlerine seretmäge aljakdyklaryna umyt bildirýär.


şu gün 10:46
2.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....