Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

  • 25.11.2022 09:23
  • 19k+

24-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň barşynda 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň wekillerini, hünärmenlerini Türkmenistana çagyrmak we olaryň amala aşyrjak saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklip öňe sürüldi.


03.05.2026 12:23
8.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

27.04.2026 23:33
11k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......