Battista Hyper GT elektriki giperkary birnäçe rekordy goýdy

  • 24.11.2022 22:21
  • 11k+

Kaşaň elektromobilini öndüriji kompaniýa bolan Automobili Pininfarina özüniň doly elektrikleşdirilen Battista Hyper GT giperkary bilen elektromobilleriň arasynda  tizligiň täze rekordyny goýandyny mälim etdi. Awtoulag Dubaý awtodromynda  birnäçe dünýä rekordlaryny goýdy.

Şeýlelikde, awtoulag şu aşakdaky rekordlary goýdy:

  • 1,79 sekuntda sagatda 0-dan 60 mile çenli tizligini artdyrdy;
  • 1,86 sekuntda 0 – 100 km/sag;
  • 4,49 sekuntda 0 – 120 mil/sag;
  • 4,75 sekuntda 0 – 200 km/sag;
  • 100 km/sag bilen barýarka 31 metr tormoz ýoly bilen doly saklanmak;
  •  ýöreýiş ätiýajy 300 mil, ýa-da 482 km, EPA sikli boýunça — elektriki giperkar üçin dünýä rekordy.

Doly elektrikleşdirilen Battista — kuwwaty 1900 a.g.-ne deň, aýlanýan pursady 2340 Hm bolan owal-ahyr çykarylan italýan awtoulaglarynyň arasynda iň kuwwatlysy. Battista Hyper GT aňrybaş tizligini 350 km/sag artdyrýar, WLTP sikli boýunça ýöreýiş ätiýaçlygy 476 km, onuň bahasy bolsa 2,2 mln ýewro bolup, ýerli salgytlar hem üstüne goşulýar.
Her bir Battista Hyper GT 1250 sagadyň dowamynda elde ýygnalýar. Jemi goýberileni 150 nusgadan köp däl.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......