HBS: Saud Arabystanynyň futbolçylary Argentinany ýeňendikleri üçin 2,5 mln ýewro alarlar

  • 23.11.2022 23:53
  • 24k+

Katarda geçirilýän dünýä çempionatynda Argentinanyň toparyndan üstün çykan Saud Arabystany Patyşalygynyň ýygyndysynyň ähli futbolçylary 2,5 million ýewro pul sylagyny aldylar. Bu barada habar beriş serişdeleri ýurduň ýygyndysynyň tälimçiler ştabynyň çeşmelerine salgylanyp maglumat ýaýradýarlar.

Ýeri gelende bellesek, Saud Arabystany Patyşalygynyň ýygyndysy Katardaky dünýä çempionatynda Argentinanyň toparyny haýran galdyryjy ýagdaýda 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Oýun Lusail şäherindäki “Lusail Iconic Stadium” standionynda 88 müňden gowrak tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Oýnuň birinji taýmynda Lionel Messi penalti bilen hasaby açmagy başardy. 48-nji minutda Saud Arabystany Patyşalygynyň ýygyndysynyň ýyldyzy Saleh Al Şehri öz toparyna öňe saýlanmaga mümkinçilik döretdi. 53-nji minutda bolsa ýarymgoragçy Salem Al Dawsari ajaýyp urgy bilen Argentinanyň derwezesine topy geçirdi. Şeýlelikde, Katardaky dünýä çempionatynyň bu oýny garaşylmadyk netije bilen futbol muşdaklaryny haýran galdyrdy.
Bu ajaýyp ýeňiş mynasybetli Saud Arabystanyň Patyşasy 23-nji noýabry ýurtda dynç güni diýip yglan etdi.


şu gün 13:51
1.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......