Toyota täze Innova 2023 kross-weni bilen tanyşdyrdy

  • 23.11.2022 11:58
  • 23k+

Toyota kompaniýasy Hindistanyň we Indoneziýanyň bazarlaryna niýetlenen Kijang Innova miniweni äşgär etdi. Modeli prinsipial esasda täze platforma geçirdiler, güýç agregatynyň ýerleşişini we priwodyň tipini üýtgetdiler, şeýle-de motor gammasyna täzeden seretdiler. Indoneziýada eýýäm talapnamalary kabul edip başladylar, ýakyn wagtlarda Innova beýleki aziýa ýurtlarynda hem peýda bolar.

 

Innova ozal Hilux pikapynyň platformasynda ýerleşen bolsa, indi onuň gurluşynda göterme kuzowly TNGA-C-iň ýeňil arhitekturasy ulanyldy. Öň tarapky okda McPherson stoýkasy, yzkyda bolsa ýarym garaşly podweska ulanylýar. 
Täze platforma tigir bazasyny 100 millimetr - 2850 millimetre çenli ulaltmaga mümkinçilik berdi, ýöne weniň beýleki gabaralary hakykatda üýtgewsiz diýen ýaly galdy. Toyota Innova ýerleşişi iki görnüşde - ýedi we sekiz adamlyk edip çykarylar. Birinji ýagdaýda ortaky hatarda bütewi diwanyň deregine iki sany aýry kürsüler goýlar.

 

Weniň baza hereketlendirijisi 174 at güýji üçin göwrümi 2,0 litrlik we aýlanýan pursady 205 Hm-lyk atmosfera motory boldy. Ol wariatorly bugda işleýär. Has gymmat görnüşleri 186 at güýjüni üpjün edýän şol bir motoryň bazasynda gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylar. Şeýle ýagdaýda, eger Innovanyň nesli çalyşýança onuň diňe yzky priwody bolan bolsa, indi diňe öň tigirleri aýlanýar.


09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....