Bob Aýger Disney-iň ýolbaşçysynyň wezipesine gaýdyp gelýär

  • 22.11.2022 08:58
  • 5.6k+

Güýmenjeler we media ulgamynda dünýäde iň iri kompaniýa bolan amerikan Walt Disney Co. kompaniýasy Bob Aýger öň 2005-2020-nji ýyllar aralygynda eýelän baş ýerine ýetiriji direktor wezipesine gaýdyp gelýär.

Aýger iki ýyllyk geldi diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.
Çözgüt maýadarlar we analitikler üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy diýip, MarketWatch belleýär. Üstümizdäki ýylyň iýunynda Disney Aýger gidenden soň kompaniýa ýolbaşçysy bellenen Bob Çapek bilen, direktorlar geňeşi tarapyndan oňa "doly ynam bildirilýändigini" mälim edip,   şertnamasyny ýene üç ýyllyk uzaltdy. Aýgeriň özi bolsa öňräk şu ýyl özüniň yzyna gaýdyp barmagy baradaky myş-myşlaryň "gülkünçdigini" nygtaýardy.
Şeýle-de, Aýger 2021-nji ýylyň aýagyna çenli Disney-iň direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygynyň wezipesini eýeläpdi. Onuň kompaniýa ýolbaşçylyk eden döwründe kompaniýa Pixar Animation, Marvel Entertainment we Lucasfilm kinostudiýalaryny edindi. Şonuň ýaly-da, ol 2019-njy ýylyň martynda ýapylan 21st Century Fox Inc.-iň paýnamalarynyň bir böleginiň 71 mlrd dollara satyn alynmagy boýunça geleşige ýolbaşçylyk edipdi. Şol geleşigiň arkasyndan Disney öz kontentini giňeltdi we Hulu striming hyzmatyna gözegçiligi öz üstüne aldy.

düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......