Werstappen 2022-nji ýylda “Formula-1-iň” jemleýji tapgyrynda ýeňiji boldy

  • 21.11.2022 14:31
  • 3.1k+

“Red Bull” toparynyň niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen 2022-möwsüminiň “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyry bolan Abu-Dabiniň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş “Ýas Marina” awtodromynda geçirildi.

Ikinji bolup pellehana “Ferrariden” Şarl Lekler geldi. Üçlügi “Red Bulldan” meksikaly Serhio Peres jemledi. “Ferrariniň” sürüjisi çempionatyň jemi boýunça Peresden üç utuk öňe geçip, wise-çempion boldy.
Bu ýaryş “Aston Martiniň” 35 ýaşly germaniýaly sürüjisi Sebastýan Fettel üçin karýerasynda iň soňky boldy. Fettel gazanan ýeňişleriniň sany boýunça “Formula-1-iň” taryhynda üçünji orny eýeleýär (53). Ondan öňde watandaşy Mihael Şumaher (91) we britaniýaly Lýuis Hemilton (103) bar.
Hemilton “Formula-1-de” çykyş edip başlanyndan bäri ilkinji gezek möwsümi ýeňişsiz jemledi. Britaniýaly, iň bolmanda, bir ýeňişli bassyr möwsümleriň sany boýunça Şumaheriň netijesinden öňe geçip bilmedi. Iki türgeniň hasabynda-da şular ýaly 15 möwsüm bar.
Möwsümiň çempiony möhletinden ir Werstappen boldy, onuň hasabynda 454 utuk bar. Lekler 308 utuk, Peres 305 utuk gazandy. “Red Bull” Konstruktorlaryň kubogynda möhletinden ir ýeňiş gazandy, topar möwsümi 759 utuk bilen tamamlady. Ikinji orny “Ferrari” (554), üçünji orny “Mersedes” (515) eýeledi.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....