“Barselona” dünýä çempionatynyň rekordyny goýdy

  • 20.11.2022 20:39
  • 25k+

Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubunyň metbugat gullugy klubuň 17 oýunçysynyň Katarda geçiriljek dünýä çempionaty üçin öz milli ýygyndylaryna çagyrylandygyny habar berdi. Bu ähli dünýä çempionatynyň taryhynda rekord hasaplanýar. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

“Barselonanyň” oýunçylaryndan dünýä çempionatyna Alehandro Balde, Žordi Alba, Erik Garsiýa, Serhio Buskets, Ansu Fati, Ferran Torres, Pedri, Gawi (hemmesi – Ispaniýa), Andres Kristensen (Daniýa), Mark-Andre ter Ştegen (Germaniýa), Robert Lewandowskiý (Polşa), Usman Dembele, Žýul Kunde (ikisi-de – Fransiýa), Rafinýa (Braziliýa), Memfis Depaý, Frenki de Ýong (ikisi-de – Niderlandlar), Ronald Arauho (Urugwaý) gatnaşar.
Öň, Mýunheniň “Bawariýasy” toparyň 17 oýunçysynyň DÇ-e gitjekdigini habar berdi, ýöne şikes sebäpli ýaryşa nemes klubunyň we Senegalyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Sadio Mane gatnaşmaz. Şeýlelik bilen, “Bawariýadan” ýaryşa 16 oýunçy gatnaşar.
Şeýle-de, “Mançester Siti” 16 oýunçy, “Mançester Ýunaýted” 14 oýunçy, Madridiň “Realy” 13 oýunçy hödürlär.
Ýaryş şu gün başlap, 18-nji dekabra çenli dowam eder. Ol bäş şäherdäki sekiz stadionda geçiriler. Final duşuşygy “Milli stadionda” bolar.


düýn 13:51
7.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......