Twitterde Donald Trampyň sahypasy dikeldildi

  • 20.11.2022 20:28
  • 10k+

Şenbe güni telekeçi Ilon Mask tarapyndan ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trampyň Twitterdäki sahypasynyň blokdan açylandygy yglan edilen badyna Trampyň akkaunty ýene-de hereket edip başlady. Trampyň 2009-njy ýylyň martynda döredilen sahypasynda onuň ähli ýazgylary saklanyp galypdyr. Soňky habarynyň senesi 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwary diýip bellenipdir.

Profile girmekdäki üýtgeşmeler Mask beýannama beren dessine bolup geçdi. "Adamlar pikirlerini aýtdylar. Tramp dikeldiler" - diýip, Twitter kompaniýasynyň täze eýesi adybir sosial torda ýazdy. 
Anna güni Mask Twitteriň ulanyjylaryndan Trampyň akkauntyny blok etmelimi ýa däl diýip sorady. Pikir soraşma 15 mln ulanyjy gatnaşdy. Blokdan açylmagy üçin 51,8% adam ses berdi, garşy - 48,2%. Şol bir wagtda şenbe güni Tramp, netijäniň nähili boljakdygyna garamazdan, sosial tora dolanmak niýetiniň ýokdugyny aňdyrdy.


04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

30.05.2026 19:37
9.1k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

21.05.2026 18:14
2.9k+

SpaceX birža çykmak üçin arza tabşyrdy: Mask tiz wagtdan trillioner bolup biler

SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna......

15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......