Ronaldu bilen Messi bilelikde Louis Vuitton-yň mahabatynda surata düşdüler

  • 20.11.2022 20:06
  • 30k+

«Mançester Ýunaýtediň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu we «PSŽ-niň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Louis Vuitton brendiniň mahabat kampaniýasynda bilelikde düşen suratyny sosial torlarynda çap etdiler.

Hüjümçiler çemedanlaryň mahabatynda surata düşdüler. Şolaryň birinde olar göçümleri barada pikirlenip küşt tagtasynyň başynda otyrlar. 
Bu futbolçylaryň ilkinji gezek bilelikde mahabata çykan ýagdaýydygyny bellemelidiris. 

"Ýeňiş - bu aňyň ýagdaýy" - diýip, Instagramdaky Louis Vuitton-yň profilindäki suratyň ýazgysynda aýdylýar. 

Oýunçylaryň ikisi hem Katarda geçjek  2022-nji ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Portugaliýanyň ýygyndysy Ronaldu bilen H toparda Gananyň (24-nji noýabr), Urugwaýyň (28-nji noýabr) we Günorta Koreýanyň (2-nji dekabr) toparlary bilen oýnar. Argentinalylar Messi bilen C toparda Saud Arabystanynyň (22-nji noýabr), Meksikanyň (26-njy noýabr) we Polşanyň (30-njy noýabr) toparlary bilen oýnar.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......