Fewralda Visa-nyň baş ýerine ýerine ýetiriji direktory çalşar

  • 19.11.2022 18:32
  • 10k+

Visa Inc-iň baş ýerine ýetiriji direktory Alfred Kelli wezipesinden gider, 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda onuň ýerini kompaniýanyň häzirki prezidenti Raýan Makinerni eýelär. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi. 

2016-njy ýyldan bäri CEO-nyň wezipesini eýeleýän Kelli  direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy hökmünde kompaniýada galar. 
Kelli indiki ýyl 65 ýaşynyň dolýandygyny aýdyp, wezipesinden gitmäge çen bolandygyny  we  durmuşynyň täze tapgyryna gadam basmaga özünde "ýeterlik gujur-gaýratyň" bardygyny düşündirdi. Kelli kompaniýanyň gündelik işine çekilmez, ýöne "Raýana we onuň toparyna gerek bolan" maslahatlaryny berer.
Makinerni 2013-nji ýyldan bäri Visa-nyň prezidentiniň wezipesini eýeleýär we häzirki wagtda kompaniýanyň ählumumy biznesine jogap berýär.

düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......