Türkmenistanda demir ýollaryň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibi tassyklanyldy

  • 19.11.2022 09:27
  • 21k+

Türkmenistanda demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibi tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow otlularyň we ulag serişdeleriniň hereketiniň ýygylygy bilen baglylykda, demir ýollaryň gorag zolaklarynyň dürli sazlaýjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmalydygyny belledi hem-de degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi we agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......