Ýakynda «Galkynyş» käninde täze gaz guýulary işe giriziler

  • 19.11.2022 08:31
  • 7.7k+

2021-nji ýylyň ýylyň awgustynda «Galkynyş» gaz käninde adaty gaz guýularyndan aýratyn çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygyna badalga berlipdi. Häzirki wagtda meýilleşdirilen işleri bellenen möhletinden öň tamamlamak hem-de guýulary işe girizmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer Ş.Abdrahmanow Hökümet mejlisinde habar berdi.

«Galkynyş» käniniň täze gaz guýularynda gazyň goşmaça möçberiniň alynmagyna garaşylýar. Bu gaz guýularynyň işe goýberilmegi ýakyn wagtda gazyň her ýylda çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de «Galkynyş» gaz käniniň täze desgalaryny özleşdirmegi taslama kuwwatyna çykarmaga mümkinçilik berer.
Serdar Berdimuhamedow tebigy gazyň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....