Çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi

  • 17.11.2022 08:42
  • 20k+

16-njy noýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça geçirilen bu duşuşykda Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, degişli Kanunlar bilen baglanyşykly meseleler hem-de howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam bermek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşulularynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň taryhyň dowamynda ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolandygyny we bu ýagşy dessurlaryň häzirki döwürde netijeli dowam etdirilýändigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplarynyň, şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegini üpjün etdi, howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary ýerine ýetirmäge kömek etdi, bejergi üçin çykdajylary hem-de lukmançylyk enjamlaryny satyn alyp berdi.
Belläp geçsek, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi 2022-nji ýylda döredildi. Haýyr-sahawat gaznasynyň we onuň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işiniň hukuk taýdan esaslandyrylmagy gaznanyň işine kuwwatly itergi berer.


şu gün 13:44
448

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......