Nataşa Pirs Musar Sloweniýanyň prezident wezipesinde ilkinji zenan bolar

  • 15.11.2022 13:21
  • 6.2k+

Garaşsyz dalaşgär Nataşa Pirs Musar ýekşenbe güni Sloweniýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda öňde barýar. Bu barada Associated Press habar berýär diýip, interfax.ru belleýär.

Býulletenleriň köpüsi sanalandan soň, Pirs Musar 54% ses gazandy. Onuň saýlawlardaky bäsdeşi, Sloweniýanyň Demokratik partiýasynyň wekili Anže Logara saýlawçylaryň 46%-i ses berdi.
Logar özüniň ýeňlendigini boýun aldy. Şeýlelik bilen, Pirs Musar Sloweniýanyň prezident wezipesinde ilkinji aýal bolar.
Sloweniýada prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 23-nji oktýabrda geçirildi. Şonda Logar 33,96% ses, Pirs Musar 26,87% ses aldy.
Täze döwlet baştutany 23-nji dekabrda, Sloweniýanyň häzirki prezidenti Borut Pahoryň bäş ýyllyk mandat möhleti tamamlananda wezipesine girişmeli.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

06.06.2026 14:06
2.8k+

Sloweniýanyň parlamenti Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady

Sloweniýanyň parlamenti Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň täze hökümetini tassyklady. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär....

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......