Sloweniýanyň parlamenti Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady

  • şu gün 14:06
  • 758

Sloweniýanyň parlamenti Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň täze hökümetini tassyklady. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär.

​Syýasatçy premýer-ministr wezipesine dördünji gezek saýlandy. Ol saýlawyň öňündäki kampaniýasy döwründe salgytlary azaltmak, saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek we korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmek niyetiniň bardygyny mälim edipdi.

​Täze kabinetiň düzülmegi 22-nji martda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň ýüze çykan syýasy durnuksyzlyk döwrüni tamamlamaga mümkinçilik berdi. Ses berlişigiň netijelerine görä, syýasy güýçleriň hiç biri hökümeti özbaşdak düzmek üçin zerur bolan köplügi gazanyp bilmändi.

​Saýlawlarda öňki premýer-ministr Robert Golobyň ýolbaşçylygyndaky çepçi-merkezçi «Azatlyk» hereketi ýeňiş gazansa-da, oňa koalisiýa gurmak başartmady.

​Saýlawlarda ikinji orny eýelän Slowen demokratik partiýasy bolsa sagçy garaýyşly dört sany kiçi partiýanyň goldamagynda minoritar hökümeti düzdi.


20.11.2025 15:00
2.4k+

Raşid Meredow ÝHHG-niň Baş sekretary hem-de Sloweniýanyň daşary işler ministri bilen telefon söhbetdeşliklerini geçirdi

19-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirliogly hem-de Sloweniýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýo bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi...

03.09.2025 15:53
2.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Sloweniýada Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy

1–2-nji sentýabrda Sloweniýanyň Bled şäherinde Bled strategik forumy geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

08.08.2025 23:56
4.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Slowakiýanyň, Sloweniýanyň we Filippinleriň wekiliýetleri bilen duşuşdy

7-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow daşary ýurtlaryň wekiliýetleri bilen duşuşdy...

25.06.2025 08:27
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýany Döwlet güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara we ýurduň ähli halkyna Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi...