Amazon 1 trln dollaryny ýitiren dünýäde ilkinji kompaniýa boldy

  • 13.11.2022 11:57
  • 8.3k+

Elektron söwda bazarynda iň iri kompaniýalaryň biri bolan Amazon dünýäde bazar bahasy bilen 1 trln dollar puluny ýitiren jemgyýetçilik guramasy boldy diýip, Bloomberg agentligi ýazdy. 

Neşiriň ýazmagyna görä, 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde (iýul-sentýabr) kompaniýanyň işiniň ýaramaz netijeleri barada çap edilen makalanyň täsiri bilen maýadarlar Amazonyň gaty köp sanly paýnamalaryny aýryp dynypdyrlar.
2021-nji ýylyň iýulynda amerikan kompaniýasynyň bazar kapitallaşdyrmasy aňrybaş ýokary derejä — 1,88 trln dollara ýetdi. Söwdalaşyklaryň gidişinde 9-njy noýabrda Amazonyň paýnamalary 4,3 %-e ýetdi, netijede kompaniýanyň bazar bahasy 879 mlrd dollara çenli egsildi.
Indi dünýäde bazar bahasy 1 trln dollardan geçýän bary-ýogy dört sany kompaniýa galdy - Apple, Saudi Aramco, Microsoft we Alphabet.   


03.03.2026 13:28
647

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

31.01.2026 09:16
958

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

18.01.2026 19:47
2.1k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular...