Ussa_tm-dan söwda etmek näme üçin amatly?

  • 12.11.2022 14:45
  • 15k+

Gurluşykda hem hojalykda gerek bolan harytlaryň giň toplumyny bir ýerde hödürleýän Ussa_Tm onlaýn dükanyndan söwda etmegiň nämesi amatly?

10 000+ haryt
Onlaýn dükan gurluşyk harytlarynyň 10 müňden gowrak görnüşini özünde jemleýär, bu san gün-günden artýar. Munuň üçin harydyň adyny gözleg meýdançasyny ýazmak ýa-da «Kategoriýa» ýa «Brend» bölüminden saýlamak bolýar.

Arzan bahalar we yzygiderli aksiýalar
Ussa_Tm onlaýn dükanyndaky bahalar bazar bahasyndan hem amatly. Mundan başga-da, her brendiň harytlary üçin yzygiderli arzanlaşyk aksiýalary yglan edilýär.

Hem mobil goşundydan, hem saýtdan, hem-de telefondan sargyt edip bolýar
Harytlary mobil goşundydan, saýtdan bolşy ýaly, jaň üsti bilen hem sargyt edip bolýar. Munuň üçin onlaýn dükandaky telefon belgilerine jaň edip, gerek bolan harydyňy anyklap, bahalandyryp, sargamak ýeterlik.

Tiz/mugt eltip bermek hyzmaty
Harytlar tiz wagtda müşderä ýetirilýär.
Ussa_tm onlaýn dükanyndan edilen söwdanyň möçberi 100 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär. Eltip bermek hyzmaty şu günki günde Aşgabat we Änew şäherleriniň çägine amala aşyrylýar. Şeýle hem islege görä, gurnap bermek boýunça ýokary hilli hyzmatlar hödürlenilýär.

Dürli ugurdaky ussalaryň hyzmaty hödürlenilýär
Müşderiler diňe bir haryt gözläp däl, eýsem ussa gözläp hem Ussa_tm onlaýn dükanyna girip bilerler. Munuň üçin onlaýn dükanda ýörite bölüm bar. Mundan başga-da, Ussa_tm işine ökde ussalary özleri barada maglumatlary mobil goşundysynda we saýtynda ýerleşdirip bermegi hödürleýär. Munuň üçin ussalara onlaýn dükanyň telefon belgileri arkaly habarlaşmak ýeterlik.
«USSA_TM» gurluşyk harytlary dükanynyň mobil goşundysyny Play Market-den we App Store-den şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 65 72 55 42; +99364 08-92-60
Saýty: ussa.com.tm

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 15:08
3.8k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

düýn 13:52
3.7k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.1k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.3k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....