Ussa_tm mobil goşundysyny we saýtyny täzeledi, indi ussalar özi barada bildiriş goýup bilýär

  • 22.10.2022 16:24
  • 15k+

Gurluşykda hem hojalykda gerek bolan harytlaryň giň toplumyny bir ýerde jemleýän Ussa_Tm onlaýn dükany mobil goşundysyna we saýtyna täze bölümleri goşdy — «Brend» we «Ussalar».

Diňe bir gurluşyk işlerine başlanyňda däl, eýsem, gündelik durmuşda hem dürli ugurlara ýöriteleşen ussanyň hyzmaty gerek bolýar. Bu ýagdaýda ussany nireden gözlemeli? «USSA_TM» onlaýn dükany mobil goşundysynda we saýtynda ussalar üçin ýörite bölüm açdy.
Bu bölümde şu ugurlar boýunça ussalaryň hyzmaty hödürlenilýär:

  • Asma potolok işleri
  • Agaç we mebel işleri
  • Ýyladyş we sowadyş işleri
  • Aýna we gapy işleri
  • Üçek we bassyrma işleri
  • Gurluşyk işleri
  • Plitka we kafel işleri
  • Pol örtük işleri
  • Kebşirleýiş işleri
  • Santehnika işleri
  • Elektrik işleri
  • Timarlaýyş işleri
  • Boýag işleri

Ussa_tm onlaýn dükany işine ökde ussalary özleri barada maglumatlary mobil goşundysynda we saýtynda ýerleşdirip bermegi hödürleýär. Munuň üçin ussalara aşakda görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşmak ýeterlik.
Öň, TmCars.info gurluşyk harytlaryny bu onlaýn dükanynyň mobil goşundysyndan hem-de ussa.com.tm/ saýtyndan sargyt edip bolýandygy barada habar beripdi.
Iki dilde hereket edýän mobil goşundydan we saýtdan zerur bolan harydyňy tapmak aňsat. Onlaýn dükan gurluşyk harytlarynyň 10 müňden gowrak görnüşini özünde jemleýär, bu san gün-günden artýar. Munuň üçin harydyň adyny gözleg meýdançasyny ýazmak ýa-da «Kategoriýa» bölüminden saýlamak bolýar.
Indi bolsa harydy «Brend» bölüminden hem gözleg etmek bolýar. Bu bölümde dünýä belli 50-ä golaý brend bar. Müşderi Brend bölümine girip, görkezilen brendleriň içine girip, hödürlenilýän harytlary satyn alyp bolýar.
«USSA_TM» gurluşyk harytlary dükany müşderilerine sargan harytlaryny gysga wagtda eltip bermek, islege görä, gurnap bermek boýunça ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.
Tölegler häzirki wagtda nagt görnüşinde kabul edilýär, emma ýakynda nagt däl hasaplaşyklaryň hem ýola goýuljakdygy habar berilýär.
Eltip bermek hyzmaty şu günki günde Aşgabat we Änew şäherleriniň çägine amala aşyrylýar. Geljekde  Türkmenistanyň ähli çäginde söwda nokatlaryny açmak meýli bar.
«USSA_TM» gurluşyk harytlary dükanynyň mobil goşundysyny Play Market-den we App Store-den şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 65 72 55 42; +99364 08-92-60

22.06.2026 14:18
6.3k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......