«USSA_TM» gurluşyk harytlary onlaýn satyn almak hyzmatyny hödürleýär

  • 07.08.2022 18:44
  • 15k+

«USSA_TM» onlaýn dükany gurluşykda hem-de hojalykda ulanylýan gurluşyk harytlarynyň dürli görnüşlerini öýden çykman, onlaýn görnüşde satyn almak hyzmatyny hödürleýär. Munuň üçin mobil telefonyňa onlaýn dükanyň mobil goşundysyny ýükläp almak ýeterlik.

Onlaýn dükanlary häzirki wagtda durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Öýden çykman, gurluşykda gerek bolan harytlaryňy sargyt etmek mümkinçiligini hödürleýän onlaýn dükanlaryň biri hem «USSA_TM» gurluşyk harytlary dükanydyr.
Häzirki wagtda gurluşyk harytlarynyň 10 müňden gowrak görnüşini özünde jemleýän bu onlaýn dükany ýakynda ussa hyzmatyny hem hödürlemegi meýilleşdirýär. Ýagny müşderiler gurluşyk işleriniň ähli görnüşleri boýunça ussany bu onlaýn dükanynyň üsti bilen sargyt edip bilerler.


«USSA_TM» gurluşyk harytlary dükany müşderilerine sargan harytlaryny gysga wagtda eltip bermek, islege görä, gurnap bermek boýunça ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.
Tölegler häzirki wagtda nagt görnüşinde kabul edilýär, emma ýakynda nagt däl hasaplaşyklaryň hem ýola goýuljakdygy habar berilýär.
Eltip bermek hyzmaty şu günki günde Aşgabat we Änew şäherleriniň çägine amala aşyrylýar. Geljekde  Türkmenistanyň ähli çäginde söwda nokatlaryny açmak meýli bar.


«USSA_TM» gurluşyk harytlary dükanynyň mobil goşundysyny Play Market-den we App Store-den şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 725542

düýn 16:52
2k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.1k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......

12.05.2026 15:08
4.9k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
5.2k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......