«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

  • 12.05.2026 15:08
  • 5.6k+

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama dartgynly ýagdaýda işläp, söwdanyň her bir ädimine dynuwsyz gözegçilik etmek aňsat düşmeýär. Şonuň üçin iru-giç her bir telekeçi: «Işleri nädip has netijeli dolandyrmaly?» diýen sorag bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Üznüksiz jaňlar, sargytda goýberilýän ýalňyşlar, ýitirilen wagt... bu zatlar mundan beýläk geçmişde galar.

«Birlik» — sargyt prosesini awtomatlaşdyrýan, üpjünçiler bilen alyjylary araçysyz baglaşdyrýan täze B2B platformasydyr.

Öňki ulgamyň kynçylyklary

Öňler menejer dürli harytlar üçin her gün azyndan onlarça ýere jaň etmeli bolýardy. Onlarça jaňlardan soň hem sargytlar wagtynda geljekmi, ýatdan çykan haryt barmy — näbelliligine galýardy. Üpjünçiler bolsa, öz gezeginde, söwda agentlerine ägirt uly býujet sarp edýärdiler, üstesine-de köplenç tölegleriň gijikdirilmegi, haýsy nokada haýsy harydyň eltilmelidigi bilen bagly bulaşyklyk bilen ýüzbe-ýüz bolýardylar.

«Birlik» platformasy muňa takyk çözgüt hödürläp, öndüriji bilen alyjynyň arasyndaky köprä öwrülýär.

Satyn alyjylar (dükanlar, marketler, toý mekanlary, myhmanhanalar we ş.m.) üçin artykmaçlyklar:

  • Bitewi witrina: Müňlerçe harytlary bir ýerde tapmak mümkinçiligi, ýüzlerçe üpjün edijiniň harydy bir goşundynyň içinde.
  • Birje düwme bilen sargyt etmek: Bäş dürli öndürijiden ýigrimi bäş dürli harydy bir wagtyň özünde, ýekeje düwme arkaly sargyt edip bolýar. Sistemanyň özi sargydy üpjünçilere awtomatik şekilde paýlap çykýar.
  • Dogruçyl bahalar: Araçysyz, gönümel öndürijiniň goýýan nyrhyny görýäňiz. Bahalar diňe satyjy tarapyndan girizilýär, üçünji tarap oňa goşulmaýar.
  • Gözegçilik we seljerme: Platformadaky şahsy otagyňyzda size sargytlaryň we çykdajylaryň doly statistikasy elýeterli bolýar. Haýsy harytlaryň köp alnandygyny we nirede tygşytlap boljakdygyny görüp bilýäňiz.

Üpjün edijiler (öndürijiler, dilerler, import edijiler) üçin artykmaçlyklar:

  • Täze bazar: Agentleriň sanyny artdyrmazdan, harytlaryňyzy Türkmenistanyň islendik künjegine hödürläp bilýäňiz. Bu bolsa onlarça söwda agentleriniň çykdajysynyň jübiňizde galjagyny aňladýar.
  • Satuwyň awtomatlaşdyrylmagy: Sargytlary, müşderileri we işgärleri bitewi bir panelden dolandyrýaňyz. Ähli sargytlar real wagtda kabul edilýär.
  • Akylly logistika: Integrirlenen ulgam arkaly sürüjiler kartada marşrutlary görüp, eltip bermek prosesini has tiz we tertipli ýerine ýetirýärler.
  • Baha çykarmakdaky çeýelik: Harytlar alyjylaryň ýerleşýän sebitine görä degişli bahalarda goýulýar (mysal üçin,ýol çykdajysy göz öňüne tutulyp, Aşgabat we Mary üçin aýratyn baha belläp bolýar).

«Birlik» goşundysy — bu araçyny aradan aýryp, wagty tygşytlaýan we minimal çykdajy bilen söwdany giňeltmäge mümkinçilik berýän sanly ulgamdyr.

Bazar siziň eliňizde!

«Birlik» goşundysyny App Store we Google Play marketlerinden ýükläp alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Tel.: +993 71 753112

Email: birlikhyzmat@gmail.com

Saýt: https://birlik.com.tm


18.06.2026 18:15
3.1k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......