Ussa_tm satyn alnan gurluşyk harytlaryny mugt eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär

  • 06.11.2022 11:58
  • 8.5k+

Ussa_tm onlaýn dükanyndan edilen söwdanyň möçberi 100 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär. Eltip bermek hyzmaty şu günki günde Aşgabat we Änew şäherleriniň çägine amala aşyrylýar.
Şeýle hem, Ussa_tm gurluşykda hem hojalykda gerek bolan harytlaryň dürli görnüşlerini jaň üsti bilen hem sargyt edip bolýandygyny ýatladýar. Munuň üçin onlaýn dükandaky telefon belgilerine jaň edip, gerek bolan harydyňy anyklap, bahalandyryp, sargamak ýeterlik. Müşderä diňe sargan harytlarynyň tölegini geçäýmek galýar.

Ussa_tm tölegleri häzirki wagtda nagt görnüşinde kabul edilýär, emma ýakynda nagt däl hasaplaşyklaryň hem ýola goýuljakdygy habar berýär. Geljekde Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynda hem Ussa_tm-iň söwda nokatlary açylar.
Ýakynda ussa_tm-iň mobil goşundysynda we saýtynda ussalar üçin ýörite bölümiň açylandygyny habar beripdik. Bu bölümde dürli ugurlar boýunça ussalaryň hyzmaty hödürleýär. Müşderi ussalaryň maglumatlaryny öwrenip, özüne laýyk gelýän ussany saýlap biler. Şeýle hem ussa_tm onlaýn dükany işine ökde ussalara özleri barada maglumatlary mobil goşundysynda we saýtynda ýerleşdirip bermegi teklip edýär. Munuň üçin ussalara aşakda görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşmak ýeterlik.
Iki dilde hereket edýän mobil goşundydan we saýtdan zerur bolan harydyňy tapmak aňsat. Onlaýn dükan gurluşyk harytlarynyň 10 müňden gowrak görnüşini özünde jemleýär, bu san gün-günden artýar. Munuň üçin harydyň adyny gözleg meýdançasyny ýazmak ýa-da «Kategoriýa» bölüminden saýlamak bolýar. Şeýle hem harydy «Brend» bölüminden hem gözleg etmek bolýar. Bu bölümde dünýä belli 50-ä golaý brend bar.
«USSA_TM» gurluşyk harytlary dükany müşderilerine sargan harytlaryny gysga wagtda eltip bermek, islege görä, gurnap bermek boýunça ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.
«USSA_TM» gurluşyk harytlary dükanynyň mobil goşundysyny Play Market-den we App Store-den şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 65 72 55 42; +99364 08-92-60
Saýty: ussa.com.tm

Şeýle hem okap bilersiňiz:

06.04.2026 11:49
15k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.7k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......