«USSA_TM» onlaýn dükanyndan gurluşyk harytlaryny nädip satyn almaly?

  • 22.08.2022 12:47
  • 14k+

Internet ulgamynyň ösen hem-de giň mümkinçilikleri hödürleýän döwründe gerek bolan harydyňy satyn almak üçin bazara ýa-da söwda merkezine gitmek hökman däl. Munuň üçin onlaýn dükanlaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz. Bu diňe bir azyk harytlary ýa-da tehnikalar babatda däl, eýsem, gurluşyk harytlaryna hem degişlidir. Gurluşyk üçin gerek bolan harytlaryň ählisi bolsa «USSA_TM» onlaýn dükanynda jemlenendir.
Öň, TmCars.info bu onlaýn dükanyň mobil goşundysy barada habar beripdi. Indi bolsa, bu onlaýn dükanyň ýene-de bir täzeligi peýda boldy — gurluşyk harytlaryny ussa.com.tm/ saýtyndan hem sargyt edip bolýar. Saýt iki dilde — türkmen we rus dillerinde hereket edýär.
Harytlary elýeterli bahadan hem-de ynamly şekilde satyn almaklygy hödürleýän «Ussa_tm» onlaýn dükanynyň saýtyndan zerur bolan harydyňy tapmak aňsat. Munuň üçin harydyň adyny gözleg meýdançasyny ýazmak ýa-da «Kategoriýa» bölüminden saýlamak bolýar.

Häzirki wagtda gurluşyk harytlarynyň 10 müňden gowrak görnüşini özünde jemleýän bu onlaýn dükanynyň harytlarynyň sany barha artýar.
«USSA_TM» gurluşyk harytlary dükany müşderilerine sargan harytlaryny gysga wagtda eltip bermek, islege görä, gurnap bermek boýunça ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.
Tölegler häzirki wagtda nagt görnüşinde kabul edilýär, emma ýakynda nagt däl hasaplaşyklaryň hem ýola goýuljakdygy habar berilýär.
Eltip bermek hyzmaty şu günki günde Aşgabat we Änew şäherleriniň çägine amala aşyrylýar. Geljekde  Türkmenistanyň ähli çäginde söwda nokatlaryny açmak meýli bar.
«USSA_TM» gurluşyk harytlary dükanynyň mobil goşundysyny Play Market-den we App Store-den şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 65 72 55 42; +99364 08-92-60

düýn 18:22
5.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
2.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....