Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglandy

  • 11.11.2022 13:24
  • 15k+

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy. TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyza bu abraýly sylagy dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu uly sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýdandygyny ýazýar.
«Türki döwletler bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Biz Türki Döwletleriň Guramasynyň ägirt uly abraýyny ykrar edýäris. Ata-babalarymyzyň nesihatlaryna eýerip, siziň bilen bilelikde köp işleri amala aşyrýarys» diýip, hormatly Arkadagymyz doganlyk döwletlerň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýandygyny tassyklady.
«Ýeri gelende bellesek, şu gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem türki dünýäniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin guramanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy. Şeýle-de gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowa Türki Döwletleriň Guramasynyň türki dünýäniň jebisligine goşandy üçin Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragy berildi. Degişli baýrak Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa gowşuryldy» diýlip, habarda bellenilýär.


03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......