Gazagystan 2060-njy ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýär

  • 11.11.2022 08:27
  • 4.3k+

Gazagystan 2060-njy ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmak maksadyny öňde goýdy. Bu barada Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailow Müsürde geçirilen Howanyň üýtgemegi baradaky global konferensiýanyň dünýä liderleriniň sammitinde eden çykyşynda aýtdy. Muny Anadolu agentligi ýetirýär.

“Şunuň çäklerinde biz ýylyň ahyryna çenli pes uglerodly ösüş strategiýasyny kabul etmegi meýilleşdirýäris. Bu taryhy pursat bolar: ilkinji gezek Merkezi Aziýadaky ýurt şeýle maksatly resminamany kabul edýär” – diýip, Smailow aýtdy.

Onuň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Gazagystanda “ýaşyl” energiýanyň umumy önümçilikdäki paýy, takmynan, 3 göterime deň. “Şol bir wagtyň özünde onuň önümçiligini 15 göterime çenli – 2030-njy ýyla çenli 7 goşmaça GWt artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu döwre çenli uglerod zyňyndylaryny hem azyndan 15 göterim azaltmak meýilleşdirilýär” – diýip, premýer belledi.
“Gazagystanyň “ýaşyl” energetikanyň dünýä merkezleriniň birine öwrülmegi üçin mümkinçilikleri bar. Şonuň üçin biz gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň sebit merkezi hökmünde çykyş etmäge we umuman, Merkezi Aziýanyň “ýaşyl” tehnologiýalara geçmegine itergi bermäge taýýar” – diýip, Smailow belledi.


17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.6k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.3k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......