Saud Arabystany bir gezeklik wizalaryň hereket ediş möhletini uzaltdy

  • 10.11.2022 13:10
  • 21k+

Saud Arabystanynyň hökümeti bir gezeklik wizalaryň hereket ediş möhletini bir aýdan üç aýa çenli uzaltdy diýip, Saudi Gazette habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň kararynda aýdylyşy ýaly, "bir gezeklik 90 günlük wizalary indi Saud Arabystanyna islendik maksat bilen barýan daşary ýurt syýahatçylary alyp bilerler ". Owal patyşalykda diňe köpgezeklik ýyllyk wizasy bolanlaryň üç aý galmaga mümkinçiligi bardy.
Şeýle-de hökümet tranzit wizalary bolanlar üçin galmaga rugsat berilýän möhlet babatynda hem düzedişleri girizdi. Täze düzgüne laýyklykda, olar ýurtda hiç hili goşmaça töleg tölemezden 96 sagada çenli galyp bilerler. Tranzit üçin resminamalaryň üç aý güýji bar.
Taryhda ilkinji gezek ýerli häkimiýetler 2019-njy ýylyň sentýabrynda beýleki ýurtlaryň raýatlaryna syýahatçylyk wizalaryny berip başladylar. Ozal daşary ýurtlular patyşalyga diňe  iş ýa-da maşgala wizasy, şeýle hem haja barýan zyýaratçylara berilýän rugsatnamalar esasynda girip bilýärdiler. 


05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......