Aşgabatda «Türkmentel — 2022» halkara sergisi açyldy

  • 10.11.2022 12:48
  • 6.2k+

Şu gün, 10-njy noýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisi öz işine başlady. Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde ugurdaş ylmy maslahat guralar.

Ýeri gelende bellesek, nobatdaky gözden geçirilişe ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleriniň 36-synyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň 20-den gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda maglumat tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «Nokia», «Huawei», «Thales Alenia Space», «Delta Telecom Ltd», «Rostelecom», «Eastwind», «Azertelecom» ýaly ýöriteleşdirilen kompaniýalar bar. Olar sergi diwarlyklarynda öz mümkinçilikleri, öndürýän önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar.
Günüň ikinji ýarymynda öz işine başlajak ugurdaş ylmy maslahatyň maksatnamasy bolsa halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny, taslamalaryny ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna çekmek, kosmos tehnologiýalary, sarp edijileri ygtybarly we ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alar. Şeýle-de forumyň ikinji gününde «Sanly çözgüt — 2022» atly bäsleşigiň jemleri jemlener. Häzirki wagtda çenli bu bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr hünärmenleri gatnaşyp, öz taýýarlan taslamalarynyň 240-dan gowragyny hödürlediler.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:15
2.1k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......