2027-nji ýyldan Ýewropanyň awtobuslary howa zyýanly gazlary goýbermez

  • 09.11.2022 18:26
  • 18k+

2027-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň çäginde täze awtobuslaryň hiç biri howa we adama zyýanly bolan gazlary atmosfera goýbermeli däl. Bu maksada 11 şäherde we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan toparlaýyn ýetmek göz öňünde tutulýar. Bu barada euronews.com habar berýär.

Pariž, Barselona, Milan ýaly şäherler bolsa Brýusseli benzin ulanýan awtobuslaryň işe girizilmegini bes etmegiň ahyrky möhletini teklip etmäge çagyrýan megapolisleriň hataryndadyr. Arassa ulag boýunça hereketleriň biriniň ýolbaşçysy eýýäm olarda has arzan boljak “ýaşyl” alternatiwalaryň bardygyny aýdýar.

“Şäher häkimiýetleri we beýleki raýat birleşikleri Ýewropa Komissiýasyna 2027-nji ýyly şäherlerdäki täze awtobuslaryň zyňyndysyz işlejek ýyly etmek teklibi bilen ýüz tutdular. Munuň özi olaryň ýa elektrik ýa-da wodorod çekişli işlejekdigini alamatlandyrýar” diýip, Jeýms Nik aýdýar. Onuň sözlerine görä, şäherlerde elektrik ulaglara isleg barha artýar. Bu bolsa şeýle awtobuslaryň önümçiligini höweslendirmek üçin hem oňat mümkinçilik. Munuň özi, öz gezeginde, bahalaryň arzanlamagyna hem täsirini ýetirer. Çünki köp şäherlerde jemgyýetçilik ulaglarynyň tölegi örän ýokary, şeýle önümçilikleriň giňeldilmegi bolsa bahalary peseltmäge ýardam eder.


07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

07.06.2026 10:04
7.1k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.5k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

06.06.2026 20:16
2.8k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......