Halkara pul gaznasy: «Dünýäde inflýasiýa çürbaşyna golaýlaýar»

  • 09.11.2022 18:26
  • 25k+

Häzirki tapgyrda sarp ediş bahalarynyň ählumumy ösüşi iň ýokary nokada diredi. Bu barada Halkara pul gaznasynyň direktor-dolandyryjysy Kristalina Georgiýewnanyň maglumatlaryny “Bloomberge” salgylanyp, “Forbes” neşiri ýaýradýar.

Bu barada Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde geçirilýän BMG-niň her ýylky howa sammitiniň çäklerinde Kristalina Georgiýewna žurnalistlere habar berdi. “Men maglumatlardan öňe geçmekçi däl, ýöne biziň çürbaşyna gelen bolmagymyz gaty mümkin. Indi biz merkezi banklaryň inflýasiýa garşy göreşde jebisligini görýäris. Munuň özi ileri tutulýan ugur we bu dogry. Eger-de biz ýetişmesek, labyrdan hemme zat döwler we bahanyň durnuklylygyny alamatlandyrýan ösüşiň binýady pese gaçar” diýip, Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçysy aýdýar.
Şeýle-de ol ýokary wezipeli işgärleriň satyn alyş bahalaryny mümkin bolan depginde peseltmäge çalyşýandyklaryny belledi. “Inflýasiýany 2 göterime golaý bolan islenilýän derejä çenli peseltmek kynrak bolar. Eger biz üpjünçilik zynjyrlarynyň diwersifikasiýasyny görsek, munuň özi hökman bahalarda belli bolar” diýip, Kristalina Georgiýewna sözüniň üstüne goşýar.


şu gün 11:05
2.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......