Milliarderleriň howa goýberýän zyýanly zyňyndylary adaty adamlaryňkydan million esse köp

  • 08.11.2022 17:12
  • 23k+

Milliarderler, adaty adamlara garanyňda, atmosfera parnik gazlaryny million esse köp goýberýärler. Bu barada dünýäniň iň baý milliarderleriniň 125-siniň maýa goýumlaryna seljerme geçiren “Oxfam” britan haýyr-sahawat gaznasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “CNN” ýazýar.

Nygtalyşy ýaly, milliarderleriň hususy uçarlarydyr ýahtalarynyň howa goýberýän parnik gazlarynyň möçberi, adaty adamyňka garanyňda, müň esse, kömürturşy gazynyň möçberi bolsa million esse köpdür.

“Käbir milliarderleriň “maýa goýum zyňyndylary” umumylykda alanyňda, Fransiýa, Müsür, Argentina ýaly tutuş döwletleriň uglerod zyňyndylarynyň mukdaryna deň” diýip, “Oxfam” guramasynyň howanyň üýtgemegi boýunça esasy hünärmeni Nafkot Dabi aýdýar. Barlaglaryň netijelerine görä, milliarderler energetika, gurluşyk materiallary ýaly daşky gurşawy hapalaýan pudaklara öz maýalarynyň ortaça 14 göterimini goýdular.

“COP27 (BMG-niň 27-nji howa sammiti” bize iri korporasiýalaryň we olaryň maýa goýujylarynyň ählumumy howa çökgünligine getirýän hapalanmadan alýan girdejileriniň eýeleýän ornuny üýtgetmek üçin gerek” diýip, Dabi sözüniň üstüni ýetirýär.


18.06.2026 09:51
2.6k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
3.6k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

15.06.2026 12:26
922

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......