BRIKS ýurtlarynyň sany köpelse, dünýä ykdysadyýetiniň 2/3 bölegi olara degişli bolar

  • 08.11.2022 17:04
  • 10k+

Täze agzalar — Saud Arabystany, Türkiýe, Müsür we Alžir goşulsa, BRIKS (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy) ýurtlaryna dünýä ykdysadyýetiniň 3-den iki bölegi degişli bolar. Muňa Halkara pul gaznasynyň 2022-nji ýyl üçin maglumatlaryna salgylanyp, TASS agentliginiň çap eden hasaplamalary hem şaýatlyk edýär.

Eger bu döwletleriň satyn alyjylyk boýunça jemi içerki önümini deň hasaplasak, onda bu san 65 göterimden geçer. Şeýle-de BRIKS ýurtlaryna dünýä ilatynyň 45 göterimi, gury ýeriň bolsa 37,5 göterimi degişli bolar. Bulardan başga-da, bugdaý boýunça dünýäniň ýyllyk hasylynyň 51,4 göterimi, tüwiniň bolsa 56,1 göterimi bu ýurtlaryň paýyna düşer.
Ýeri gelende bellesek, 7-nji noýabrda “Al-Shorouk” internet portaly Alžiriň häkimiýetleriniň BRIKS toparyna agza bolmak üçin resmi ýüztutma berendigini habar berdi.


şu gün 11:05
1.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 08:04
6.5k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......