11-nji noýabrda Samarkantda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti geçirilýär

  • 08.11.2022 17:04
  • 6.7k+

11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň birinji sammiti geçiriler. Munuň özi guramanyň (Türki geňeş) ady üýtgedilenden soňky geçirilýän ilkinji ýokary derejeli duşuşygy bolar. Sammite görülýän taýýarlyklar barada özbek neşirleri habarlary paýlaşýarlar.

Uzdaily.uz saýty Samarkant sammitine gurama girýän sebitleriň döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşjakdygyny habar berýär. Nygtalyşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkant sammiti agza ýurtlaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy täze derejä çykarar.
Habarlarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary ykdysady, ulag we söwda meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Onuň dowamynda guramanyň ýakyn 5 ýyl üçin Hereketleriniň strategik meýilnamasy kabul ediler. Sammitiň öň ýanynda — 9-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň agza ýurtlarynyň ykdysadyýet ministrleriniň duşuşygy bolar, 10-njy noýabrda bolsa guramanyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.
2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (häzirki Türki Döwletleriň Guramasy) halkara hyzmatdaşlygyň netijeli syýasy meýdançalarynyň biri bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe bu düzümiň agzalary bolup durýarlar. Wengriýa bu guramada synçy derejesine eýe. Türki geňeşiň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda geçirilen sammitinde guramanyň ady Türki Döwletleriň Guramasy diýlip üýtgedildi we onda Türkmenistana guramanyň synçysy derejesi berildi. Türkmenistanyň bu düzüme doly hukukly agza bolmagy hem göz öňünde tutulýar.


03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.5k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 09:51
3.7k+

Namangandaky halkara gül festiwaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen 65-nji halkara gül festiwaly, onuň guralmagy üçin bir aýyň dowamynda 29,4 milliondan gowrak ösümlik oturdylandan soň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi....

24.05.2026 15:35
11k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......