«Twitter» şahsy hasaplaryň 8 dollarlyk tölegli ulgamyny 9-njy noýabrda girizip başlar

  • 08.11.2022 06:23
  • 3.5k+

“Twitter” jemgyýetçilik tory abunaçylaryň hasaplaryna tölegli barlag ulgamyny girizmek işini ABŞ-nyň Kongresine geçirilýän aralyk saýlawlar gutarýança yza süýşürdi. Bu barada çeşmelere salgylanyp, “The New York Times” gazetiniň berýän maglumatyny gazeta.ru paýlaşýar.

“Twitter” abunaçylaryň hasaplaryna aýda 7,99 dollara deň bolan tölegli barlag ulgamyny girizmek işini sişenbe güni geçiriljek aralyk saýlawlar gutarýança yza süýşürýär” diýip, neşir ýazýar. Kompaniýanyň wekili gazet materialy üçin söhbetdeşlikde bu işi saýlawlardan soň, ýagny 9-njy noýabra geçirmek çözgüdine gelendiklerini mälim etdi.
Ozal belli bolşy ýaly, gök bellijekli hasaplara ilkinji elýeterliligi ABŞ-dan, Kanadadan, Awstraliýadan, Beýik Britaniýadan, Täze Zelandiýadan bolan müşderiler alyp bilerler. Kompaniýanyň wekilleri bahasy 8 dollara golaý abunanyň ilkibaşda ozal elýeterliligi bolan ulanyjylaryň az sanly topary üçin elýeterli boljakdygyny tassykladylar. Işläp taýýarlaýjylar häzir synag edýärler we ähli hasaplar üçin bu täzeligi girizmekçi bolýarlar.
“App Store” platformasynda düşündirmeklerine görä, “Twitter” jemgyýetçilik torunyň abunaçylary ýakyn wagtda meşhur ýyldyzlardyr kompaniýalar, syýasatçylar ýaly gök bellijek alyp bilerler. Munuň özi hasabyň, hakykatdan-da, abunasy bolan adama degişlidigini alamatlandyrar.


düýn 19:51
3.6k+

Twitter-i esaslandyryjy EA zerarly täze kompaniýasynyň işgärleriniň ýarysyny işden çykarar

Tehnologiýa kompaniýasy Block emeli aň guralynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda işgärleriniň takmynan ýarysyny işden boşadar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy, Twitter-i esaslandyryjy Jek Dorsi X sosial ulgamynda habar berdi...

20.02.2026 11:25
2.3k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...

12.02.2026 19:48
3.7k+

Bikanun kontenti aýyrmak üçin 3 sagat: Hindistan sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirdi

Hindistanyň hökümeti sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirip, bikanun diýlip ykrar edilen kontenti aýyrmagyň möhletini habarnama alnan pursatyndan başlap, 36 sagatdan üç sagada çenli gysgaltdy. Täze düzgünler Meta, YouTube we X ýaly iri platformalara degişli bolup, olar 20-nji fewralda güýje girer...