Mask “Twitteriň” işgärlerini azaltmagy gutulgysyz hasaplaýar

  • 06.11.2022 23:36
  • 6.9k+

Twitteriň täze eýesi Ilon Mask kompaniýanyň uly maliýe ýitgileri sebäpli işgärleriň bir bölegini işden çykarmakdan gaçyp bolmajakdygyny aýtdy. Bu barada TASS belleýär.

“Twitteriň işgärlerini azaltmak meselesi barada aýdylanda, gynansak-da, başga ýol ýok. Kompaniýa bir günde 4 mln dollardan gowrak ýitirýär” – diýip, telekeçi adybir sosial ulgamda ýazdy.

Ol ähli işden çykarylan işgärlere kompensasiýa hökmünde üç aýlyk kömek pulunyň teklip edilendigini hem belledi.
Belläp geçsek, Twitter satyn alnandan soň Mask derrew kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň käbir agzalaryny işden çykardy, ol müdirler geňeşini hem işden boşatdy. Soňrak Bloomberg agentligi telekeçiniň işgärleri iki esse diýen ýaly azaltmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
1.9k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...

03.03.2026 23:28
6.8k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...