Türki döwletlerde 2024-nji ýyl “Magtymguly Pyragynyň ýyly” bolar

  • 09.11.2022 11:15
  • 7.3k+

2024-nji ýyl Türki döwletleriň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edildi. Bu baradaky degişli çözgüt Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça kabul edilen Beýannama laýyklykda, TÜRKSOÝ-da 2024-nji ýyl “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edildi. Bu resminama türkmen tarapyndan medeniýet ministri Atageldi Şamyradow gol çekdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, 2024-nji ýylda Türkmenistan görnükli filosofyň 300 ýyllyk ýubileýini giňden bellär. Onuň ähmiýetini artdyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakynda degişli Karara gol çekdi we ýörite guramaçylyk topary döredildi.
2024-nji ýyla çenli Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak maksady bilen, akyldar şahyryň ömrüne we döredijilige bagyşlanan «Magtymguly Pyragy portalyny» döretmek, şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän sanly we görnüşdäki «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny», akyldar şahyryň has doly we kämil görnüşdäki «Magtymguly Pyragy diwanyny» taýýarlamak, onuň döredijiligine degişli ylmy işlerdir dokumental filmleri, telegepleşikleri yzygiderli taýýarlamak we başga-da ençeme çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.


18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

31.03.2026 22:13
6.7k+

Mazary-Şarifde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň açyldy

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şarif şäherinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy....

30.01.2026 11:52
6.8k+

Magtymguly Pyragynyň çagalygy barada «Arzyman» ady bilen täze film düşürildi

Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Arzyman» filmi häzirki wagtda montaž tapgyryndan geçýär. Şahyryň ykbaly we mirasy baradaky täze kino eserini režissýor, ssenariçi hem-de «Mekanfilm» studiýasynyň esaslandyryjysy Çaryýar Seýidow düşürdi...