Xiaomi ägirt uly kameraly smartfon çykardy

  • 06.11.2022 09:18
  • 18k+

Xiaomi kompaniýasy aýrylýan kameraly smartfonyň konseptini çykardy. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, lenta.ru habar berýär. Täze enjam iýul aýynda hödürlenen 12S Ultra-nyň nusgawy görnüşinden Leica kompaniýasynyň gajetiň göwrümine garanyňda ägirt uly aýrylýan obýektiwiniň bardygy bilen tapawutlanýar. Žurnalistleriň aýtmagyna görä, bu enjam smartfon bilen fotoapparatyň gibrididir.

Kompaniýa 12S Ultra-nyň konseptual görnüşiniň 10 bit we RAW formatda surata düşürmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Fotografiýanyň işlenilmegine Al Image Solution tehnologiýasy jogap berýär. Leica Hytaýyň korporasiýasynyň hyzmatdaşydyr.
Žurnalistler kompaniýanyň smartfon bazaryndaky global çökgünligiň esasynda konseptual gurluşlary çykarmak bilen ünsi özüne çekýändigini belleýärler. “Kompaniýa berk bäsdeşlik we watanynda kyn sarp ediji perspektiwalary, şeýle-de Hindistanyň bazarynda mümkin bolan satuw çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz boldy” – diýip, awtorlar belleýär.
Aýrylýan kameraly şuňa meňzeş smartfon 2014-nji ýylda Panasonic we Leica tarapyndan hödürlenildi, ýöne enjam satuwda şowsuzlyga uçrady. Xiaomi kompaniýasy 12S Ultra-nyň konsept görnüşiniň bazara çykaryljakdygyny ýa-da ýokdugyny bolsa aýdyňlaşdyrmady.


17.06.2026 11:15
2.9k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......