Türkmenistanda geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny döretmek boýunça bäsleşik geçiriler

  • 05.11.2022 08:49
  • 14k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa Täze ýyla çenli galan wagtyň dowamynda geljek ýylyň iň gowy şygaryny we nyşanyny döretmek boýunça bäsleşigi geçirmegi tabşyrdy. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

Döwlet Baştutany şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyla bagyşlanan çärelere göwnejaý taýýarlyk görmegiň we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde, obalarda baýramçylyk dabaralaryny we konsertleri, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramagy tabşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda öňde boljak baýramçylyklar hem-de şanly seneler mynasybetli medeni çäreleriň giňden beýan edilmegine has döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek gerek, şunda özüne çekiji, gyzykly gepleşikler we materiallar taýýarlanylmalydyr, şeýle hem mynasyp ýokary derejeli işgärleri ýetişdirmek, zehinli hünärmenleri ýüze çykarmak ugrunda degişli işler amala aşyrylmalydyr diýip, Prezident aýtdy.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......