Türkmenistan 7-nji noýabrdan serhet gözegçilik nokatlarynyň käbirinden ulaglaryň geçmegine rugsat berdi

  • 05.11.2022 08:19
  • 45k+

Beýan edilen talaplara laýyk gelýän daşary ýurt we öz ýurdumyzyň ulaglary şu ýylyň 7-nji noýabryndan başlap, Türkmenistanyň serhet barlag-goýberiş nokatlarynyň käbirinden peýdalanyp, ýurduň çägine girip we onuň çäginden çykyp hem-de üstaşyr geçip bilerler. Bu barada ORIENT agentligi «Türkmenawtoulaglary» agentligine salgylanyp habar berýär.

«Artyk», «Sarahs», «Garabogaz», «Altyn asyr», «Daşoguz», «Köneürgenç», «Farap», «Ymamnazar» we «Serhetabat» barlag-goýberiş nokatlaryndan, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan geçmäge rugsat berilýär.
Ozal, COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň girizilmegi sebäpli, serhet barlag-goýberiş nokatlaryndan geçmek çäklendirilipdi.


şu gün 22:20
533

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

şu gün 13:44
1.9k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....