Wladimir Putin Uly Kreml köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

  • 03.11.2022 23:36
  • 24k+

3-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna dowam edýän resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Uly Kreml köşgünde geçirilen söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda  giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Siz haýsy wezipede Russiýa gelseňizde, biz Sizi görmäge hemişe şatdyrys. Çünki Siz biziň ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarymyzy ösdürmäge ägirt uly goşant goşduňyz» — diýip, Russiýanyň Lideri nygtady.
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy strategik hyzmatdaşlardyr, munuň özi durmuş hem-de  döwür bilen subut edildi. Hyzmatdaşlyk ýylsaýyn berkeýär, giňelýär, ýagny yzygiderli ösdürilýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak biziň strategiýamyzyň esasy maksadydyr. Şoňa görä-de, biz mundan beýläk hem bu ugurda ynamly öňe gideris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy resmi saparyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, ýurdumyza ugrady.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......