Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy orden bilen sylaglady

  • 03.11.2022 23:25
  • 20k+

3-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ordeni bilen sylaglady.

W.Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy degişli orden bilen sylaglamak hakynda Permana baryp şu ýylyň awgust aýynda gol çekipdi. Bu günki gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde bolsa ordeni gowşurmak dabarasy geçirildi.
Ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda Prezident Wladimir Putin dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna ordeni gowşurdy. Ýygnananlaryň arasynda iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Permana laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu hormatly sylaga iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy.


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......