«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň baş direktory bilen duşuşdy

  • 03.11.2022 00:16
  • 26k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew Moskwanyň Wernadski şaýolunyň ugrundaky Uly döwlet sirkiniň baş direktory, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Edgar Zapaşnyý bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň barşynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy şeýle hem russiýaly kärdeşleri — sirk artistleri bilen gürrüňdeş boldy, bu ýerde görkezilen atly çykyşlara görülýän taýýarlygy synlady.
1971-nji ýylda döredilen Wernadski prospektindäki Moskwanyň Uly döwlet sirki dünýädäki iri sirkleriň biri. Bu ýerde meşhur artistler işleýär, köpöwüşginli oýunlar goýulýar.


11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....