Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Federasiýa Geňeşiniň 532-nji mejlisinde çykyş etdi

  • 02.11.2022 23:44
  • 11944
Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Federasiýa Geňeşiniň 532-nji mejlisinde çykyş etdi

2-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Ir bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtomobil kerweni Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň binasyna bardy. Merkezi girelgäniň öňünde Gurbanguly Berdimuhamedowy Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýew we RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Diwanynyň ýolbaşçysynyň orunbasary – Halkara gatnaşyklar müdirliginiň başlygy Nikolaý Paruzin garşylady.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko umumy mejlisi açyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.
Çykyşynyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy parlament diplomatiýasynyň halkara giňişliginde parahatçylygy, ynanyşmagy we açyklygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşmaga, dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn itergi bermäge, halkara ykrar edilen hukuk kadalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň, esasy halkara ylalaşyklarynyň we konwensiýalarynyň ýoýulmagyna ýol bermezlige gönükdirilendigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlaryň kanunçykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dünýäde döredilen parlament birleşikleriniň, ilkinji nobatda bolsa, olaryň iň irisiniň we abraýlysynyň—Parlamentara birleşiginiň orny ýokarlanýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
— Populizm, gysga wagtlyk syýasy bähbitlere kowalaşmaklyk, köre-körlük bilen eýermeklik hiç haçan uzakmöhletleýin geljekde ne döwlete ne-de jemgyýete peýda getirmändi diýip Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen birlikde, elbetde, biz halkara parlamentariziminiň hem-de kanunçykaryjylygynyň hakykatdan-da peýdaly tejribelerinden ýüz öwürmeli däldiris, olardan durmuş tarapyndan tassyklanan iň oňadyny almalydyrys diýip belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ähli agzalaryna bu döredijilikli işe işjeň gatnaşandyklary we saldamly goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.


şu gün 16:56
4

Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi

Aşgabada resmi saparynyň çäklerinde RF-niň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi. Wolodiniň çykyşynda bellemegine görä, parlamentleriň özara gatnaşyklaryny...

şu gün 16:43
56

Wýaçeslaw Wolodin «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýdy

Aşgabada resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin hem-de wekiliýetiň agzalary «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýdular. «Halk hakydasy» ýadygärlikler...

şu gün 14:59
2070

RF-niň Döwlet Dumasy Türkmenistandaky deputat saýlawlaryna synçylaryny iberer

Şu gün, 30-njy ýanwarda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa RF-niň Döwlet Dumasynyň deputatlaryny ýakynda Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna synçy...

şu gün 14:22
4759

Wýaçeslaw Wolodin Gülşat Mämmedowany Moskwa gelip görmäge çagyrdy

RF-niň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň parlamentara hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy...