Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna tabşyryklary berdi

  • 02.11.2022 23:18
  • 27k+

2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2022-nji ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalalary çykyş edip, ýanwar-oktýabr aýlarynda geçirilen işler barada hasabat berdiler.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hususan-da, Serdar Berdimuhamedow hukugy goramagyň hem-de kanunylygy üpjün etmegiň möhüm döwlet edarasy hökmünde prokuraturanyň eýeleýän ornuny belläp, bu edaranyň işgärleriniň üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmelidiklerini, giň dünýä garaýşa we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işlemek başarnygyna eýe bolmalydyklaryny nygtady.
Işlemegiň häzirki zaman guramaçylyk görnüşlerini, IIM-niň hemme düzüm bölümlerinde sanly ulgamy ulanmak, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutany içeri işler ministrine degişli görkezmeleri berdi. 
Öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça okuw maslahatlaryny guramak zerur diýip, ýurdumyzyň Serdar Berdimuhamedow edaranyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
MHM-niň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugry ýurda häzirki zamanyň ählumumy howplarynyň aralaşmagyna ýol bermezlikden ybaratdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow bu düzümiň ýolbaşçysyna ýurdumyzda howpsuzlygy, jemgyýetde abadançylygy we hukuk tertibini üpjün etmek maksady bilen beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen ýakyn gatnaşyk saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany Döwlet serhet gullugynyň başlygyna şahsy düzümiň söweşjeň, beden, hünär taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Kabul edilýän kadalaşdyryjy resminamalar barada ilat arasynda düşündiriş häsiýetli çäreleri talabalaýyk derejede geçirmeli diýip, Serdar Berdimuhamedow adalat ministrine anyk görkezmeleri berdi.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.9k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......