Mask Twitteriň direktorlar geňeşini işden boşatdy

  • 02.11.2022 22:21
  • 10k+

Telekeçi Ilon Mask 27-nji oktýabrda Twitter kompaniýasyny alandan soň, onuň direktorlar geňeşini işden boşatdy. Bu barada ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasynyň (SEC) bazasynda ýerleşdirilen resminamalarda aýdylýar diýip TASS habar berýär.

«27-nji oktýabrda birleşmek boýunça geleşigiň baglaşylmagy netijesinde jenap Mask Twitteriň ýeke-täk direktory boldy. Birleşmek boýunça ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, geleşigi baglaşmagyň tamamlanan pursadynda direktor wezipesinde oturan adamlar, wezipeden boşadyldy» — diýip, resminamalaryň birinde takyklanýar.

Sosial tory şärikdeş esaslandyryjy Jek Dorsi kompaniýanyň paýnamalarynyň 2,4% paýyny özünde saklap galdy. Häzirki wagtda ol 18 mln-dan sähel gowrak paýnama eýe, olaryň umumy bazar bahasy 1 mlrd dollardyr.


01.04.2026 15:29
846

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
1.9k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...