Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan—Russiýa parlamentara toparyny döretmek teklibini goldady

  • 01.11.2022 21:38
  • 16k+

1-nji noýabrda Moskwa resmi sapar bilen baran Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde Russiýanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy. Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy parlament gatnaşyklary strategik türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegine saldamly goşant goşýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa tarapynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň  we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Parlamentara toparyny döretmek baradaky  teklibini goldaýandygyny aýtdy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň many-mazmunyna laýyk gelýän bu başlangyjyň örän derwaýysdygyny nygtady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tarapynyň bu babatda zerur bolan çözgütleri kabul edendigini aýdyp, toparyň agzalaryna üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw etdi we bu işe hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini tassyklady.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň formatynyň dürli wezipeleriň köpüsiniň çözülmegini göz öňünde tutýandygyny belläp, olaryň esasylary barada durup geçdi.
Gepleşikleriň dowamynda şeýle hem türkmen-russiýa parlamentara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary anyklaşdyryldy.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......