Xiaomi rekord zarýad berijili smartfony anons etdi

  • 01.11.2022 19:10
  • 18k+

Xiaomi kompaniýasy rekord zarýad alyş wagtyna eýe bolan smartfony çykardy. Bu barada “The Verge” neşiri ýazýar. Kompaniýa Redmi Note 12 tapgyrynyň smartfonlaryny anons etdi, onuň flagman gurluşy bolsa Redmi Note 12 Discovery Edition boldy. Gajetiň tapawutly aýratynlygy kuwwaty 210 watt bolan HyperCharge çalt zarýad beriş tehnologiýasyny götermegidir. Kompaniýa 4300 milliamper/sagat sygymly telefon akkumulýatoryna dokuz minutda 100 göterime çenli zarýad berip boljakdygyny wada berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Şeýle-de, gurluş 120 Gs ýygylykly 6,67 dýuýmlyk OLED displeýine, MediaTek Dimensity 1080 prosessoryna, 8 Gb operatiw we 128 Gb içerki ýada, 200, 8 we 2 Mp durulykly üç kamera eýe boldy. Redmi Note 12 Discovery Edition 2399 ýuan bilen bahalandyryldy.
Žurnalistleriň habar bermegine görä, Hytaý kompaniýalary soňky döwürde, esasan, smartfonlaryň zarýad alyş tizligine üns berýärler. Mysal üçin, 2021-nji ýylda Xiaomi 120 watt kuwwatly zarýad berijini göterýän 11T Pro telefonyny çykardy, soňrak Oppo 150 watt kuwwatly SuperVOOC standartyny anons etdi.


düýn 10:31
5.6k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......