Bloger Jeýk Pol UFC-niň öňki çempiony Anderson Silwany ýeňdi

  • 31.10.2022 14:59
  • 26k+

Glendeýlde (ABŞ, Arizona ştaty) «Hila Riwer-Arena» stadionynda boks agşamynyň esasy tutluşygynda ABŞ-dan 25 ýaşly meşhur bloger Jeýk Pol bilen UFC-niň orta agramda öňki çempiony braziliýaly Anderson Silwa duşuşdy.

Duşuşyk 8 raundlap dowam etdi we Jeýk Polyň ýeňşi bilen tamamlandy (77-74, 78-73, 78-73).
Bloger üçin bu eýýäm altynjy tutluşygy. Geçen bäş duşuşygyny Pol wagtyndan öň ýeňişler bilen tamamlady. Öň ol Bellatoryň öňki çempiony Ben Askren we UFC-niň öňki çempiony Taýron Wudli bilen duşuşdy.


şu gün 14:53
1.5k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 23:43
6.1k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....