Türkiýede TOGG milli elektromobiliniň tapgyrlaýyn önümçiligi başlandy

  • 31.10.2022 13:52
  • 18k+

Türkiýede ilkinji milli elektromobiliň — TOGG krossoweriniň tapgyrlaýyn önümçiligine girişildi. Gemlikde (Bursa welaýaty) zawodyň dabarly açylyşyna ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşdy.  

Elektriki TOGG krossoweriniň ilkinji prototipi bilen baryp-ha 2019-njy ýylda tanyşdyrylypdy. Şol ýylyň özünde biraz soňurrak türk markasy Ýewropada ikinji modele - elektriki sedana patent aldy, onuň haçan çykyp başlajagy heniz mälim däl. 
TOGG krossoweriniň ýöreýiş ätiýaçlygy bir gezek alan zarýady bilen 300-den 500 kilometr aralyga çenli geçip bilýär, ýarym sagatda bolsa batareýa 80% zarýad aldyryp bolýar.
Geljekde modeli üçünji derejeli awtonom sürüş ulgamy we gapdal aýnalaryň deregine şekili salondaky ýörite ekranlara berýän kameralar bilen enjamlaşdyrarlar.
TOGG kompaniýasynyň baş direktory Gýurjan Karakaşyň žurnalistlere habar bermegine görä, ýylda 100 müň töweregi awtoulag çykarmak meýilleşdirilýär, zawodyň hakyky önümçilik kuwwaty önümçiligiň möçberini 175 müň ulaga çenli galdyrmaga mümkinçilik berýär.   
Türkiýede TOGG resmi ýagdaýda 2023-nji ýylyň martyndan başlap satuwa çykar we ilkibada bir ýarym ýylyň dowamynda ony diňe öz bazarynda satarlar. Geljekde bu ulaglary Germaniýa, Fransiýa we ÝB-niň beýleki ýurtlaryna ibermek göz öňünde tutulýar. 


düýn 18:36
2k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.8k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......