2022-nji ýylyň iň edermen alabaýynyň idegçisine «Toyota Camry» awtoulagynyň açary gowşuryldy

  • 30.10.2022 14:50
  • 64k+

30-njy oktýabrda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek bilen baglanyşykly işleri ylmy esasda kämilleşdirilmegine, milletiň baý medeni mirasyna aýrylmaz bölegine öwrülen itleriň bu tohumyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilen bu bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň 20-sinden jemleýji tapgyra 10-sy gatnaşmaga hukuk gazandy.
Alabaýlar yzly-yzyna syn ediş meýdançasyna çykaryldy. Eminler we tomaşaçylar üçin itleriň ady, ýaşy, nesil ugry, olaryň eýeleri baradaky maglumatlar aýdyldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda alabaýlaryň öňünde anyk wezipeler, şol sanda päsgelçilikli zolaklary ýeňip geçmek wezipeleri goýuldy. Päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we dürslük görkezijileri hasaba alyndy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça eminler toparynyň çözgüdi yglan edildi. Şeýlelikde,  «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Içeri işler ministrligine degişli Goňurhan atly alabaý mynasyp boldy. Goňurhan atly alabaýy ösdürip ýetişdiren hem-de  bu bäsleşige taýýarlan Ý.Töräýew.
Goňurhana «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» medaly berildi. Onuň idegçisi  G.Aşyrowa bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly awtoulagyň açary, şeýle hem göçme kubok, diplom gowşuryldy.


şu gün 00:03
529

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......