Gazagystan GDA-da başlyklygy Gyrgyzystana geçirdi

  • 30.10.2022 13:08
  • 8.8k+

Gazagystan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklygy resmi taýdan Gyrgyzystana geçirdi. Premýer-ministr Alihan Smailow Astanadaky GDA döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde 2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Gazagystanyň başlyklygynyň meýilleşdirilen ähli işleriniň doly ýerine ýetirilendigini aýtdy. Bu barada centralasia.media habar berýär.

“Şu ýyl Gazagystan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Biziň başlyklygymyzy durmuşa geçirmegiň çäklerinde ähli ugurlarda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça amaly işler alnyp baryldy. Mälim bolşy ýaly, Astana sammitinde Arkalaşykda başlyklyk estafetasy Gyrgyzystan Respublikasyna geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, gyrgyz dostlarymyzy bu möhüm we abraýly wezipe bilen gutlamak isleýärin” – diýip, Gazagystan hökümetiniň baştutany aýtdy.

GDA döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň indiki mejlisi 2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda Bişkekde geçiriler.
Astanada GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň premýeri Alihan Smailow, Azerbaýjanyň premýeri Ali Asadow, Belarusyň premýeri Roman Golowçenko, Täjigistanyň premýeri Kohir Rasulzoda, Özbegistanyň premýeri Abdulla Aripow, Russiýanyň premýeri Mihail Mişustin, Gyrgyzystanyň premýeri Akylbek Žaparow, Ermenistanyň wise-premýeri Mger Grigorýan, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow we GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew gatnaşdy.


17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.6k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.3k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....